Tuesday, October 17, 2006

Ýalňyşy nähili düzeltdiler?

Muhammet Pygamberimiziň nurýüzli agtyklary Hasan we Hüseýin metjidiň howlusynda duryp, uly ýaşly bir adamyň täret alyşyny seretýärdiler.Hasan Hüseýine ýüzlenip:
-Seret, diýdi, tirseklerini gowy edip ýuwmady.
-Hawa görýärin, käbir ýerleri gury galýar.
-Muny oňa aýtmaly, täret alynanda ýuwylmagy parz bolan ýerlerde igne ujy ýaly gury bir ýer galsa, täret bolmaz, täret bolmasa elbetde namaz hem bolmaz.
-Emma nähili aýdyp bolar? Ýene seret, aýaklarynda hem meňzeş gury ýer sypdyrdy. Barmak aralaryny gowy ýuwmady, suwy topuklaryna degirmedi hem. Ýöri gidip, özüne habar bereli.
Hüseýin:
-Bir garaş, diýip, doganyny durdyrdy. Ol bizden uly ýaşly. Aýtsak, utanyp biler. Ýa-da çaga bolanymyz üçin bizi diňleman biler. Ona aýtmagyň başga bir ýolyny tapmaly. Birden gowy bir pikir geldi:
-Boldy, tapdym! Adama ýakynlaşyp, hormatly ses bilen:
-Bagyşlaň, diýdi, sizden bir haýyşymyz bar.
-Hany aýdyň bakaly çagalar.
-Biz heniz çaga hasaplanýarys. Şu ýerden täret alanymyzda, ýanymyzda duryp, biziň kemçiliklerimizi aýdaýsanyz.
Adam razy-razy yylgyryp:
-Elbetde, diýdi. Başlaberin.Iki dogan täret alyp başladylar.
Adam dykkat bilen seretýär, bir kemçilik tapjak bolýar, emma başartmaýardy. Öz täredi ýadyna düşdi, Hasan bilen Hüseýin ýaly üns bermeýändigine düşündi.
Täretleri gutaranda saçlaryny ogşady:
-Ýalnyş sizde dal çagalar, mende, diýdi. Kemçiligimi ýüzüme urman, munyň ýaly näzikçe düzelteniňiz üçin sag bolyn. Indi men hem siz ýaly täret aljak. Ine başlaýaryn.
Adam täzeden suwyň başyna geçdi we gowyja täret aldy.

Diýmek bir zadyň dogrusyny bilmek ýetmeýär. Şol dogryny, näzikçe, ýokuş görünman, beýlekilere düşündirmek esasy zatdyr.

Thursday, October 12, 2006

"Ýüregim päk" diýýärler

Käbir adamlar ýüregiň päkligini dineje adamlar hakynda ýaman zat pikir etmezlik ýa-da peýdaly biri bolmak ýaly öran ýönekeý manyda düşünýärler. Munuň bilen hem çäklenman, adamlara peýdaly boldym diýip, Alla Tagalla bolan borçlarynyň öwezini doldyrandyrys öýdip, asyl wezipelerinden gaça durýarlar. Bu şeýtanyň bir gapany, kör nebisiň oýunydyr. Bu duzaga düşüren sebäplerin biri, "Ýalnyşlyk bir-birine menzemeýär" sözüne göz ýummakdyr. Şeýle pikir edýänler, namaz okaýan, ybadat edýän adamyň günlük durmuşynda Yslamyň ruhyna ters gelýän we beýleki adamlara zyýan berýän bir topar nokatlar tapýarlar. Şol nokatlary öne çykaryp we "bu adam namaz okaýar, emma şu ýalnyşlyklary hem edýär. men bolsa onyň ýaly ýalnyşamok" diýip, onyň kemçiliklerinden öz ybadatsyzlyklaryna çykalga tapmak isleýärler. Munyň ýaly ýalnyş garaýyşlary dine namaz okamaýanlar etmeýär. Eýsem, namaz okaýan musulman hem Yslamyň beýleki emirlerini özünden has onat ýerine ýetirýän bir dogany hakynda menzeş zatlar aýtýar. Dogry ýol görkezijimiz, Muhammet Pygamberden bir hadysy-şerif: "Bir güna işlenende elmydama ýürekde bir gara tegmil dörar. Eger eýesi puşmanlyk bilen toba etse, ýürek ýene täzelener." Bu hadysy-şerifden tämiz we sagdyn ýüregin, dine günälerden uzak we garşy gelmeler bilen garalanmadyk ýüregiň bolup biljekdigini öwrenýäris. Kakasynyň aýdanyny etmeýän çaga üçin, derrew "terbiýesiz, edepsiz" sözlerini ulanýan adamogly, emredilende hem ybadat etmezligiň Alla Tagalla garşy gelmekdigini näme üçin anmaýar, düşünip bilemok! Parzlarda başga üýtgeşik many ýokdyr. Olara ýalnyş garaýyş getirmäge we hakykaty gözden düşürmäge hiç kimiň haky ýokdyr. Aslynda, şol parzlarda (esasan hem namaz) başga many çykarar ýaly hiç hili düşünişmezlik hem ýok. Alla Tagalla buýrupdyr, Hezreti Muhammet hem bu buýrugyň nähili ýerine ýetirilýändigini bir ömür boýunça musulmanlara öwredipdir. Şol döwürden sonraky ähli asyrlarda bu emirler ýerine ýetirilipdir. Şol asyrlardaky dinde öndebaryjylar, musulmanlaryn Hak ýakynlygynda has hem öne gitmekleri üçin, parzlaryn ýany bilen islege bagly ybadatlara hem uly orun beripdirler. Her ýer metjitler, medreseler bilen dolypdyr, diýenimizden Ahyrzamana çenli gelnipdir.Dinden uzaklaşmanyn, dine we edebe garşy gidilmegin, öz peýdasynyň yzyna düşülýän döwür gelipdir, ybadat bes edilipdir. Bu hapa, zäherli howada nähilidir bir zat bolup täze bir topar ýüze çykypdyr: Ýüregi Päkler. Bular ähli pygamberlere, Hezreti Muhammediň egindeşlerine we on dört asyryn musulmanlaryna garşy gidýän ýolda ýöremäge başlapdyrlar. Bu toparyn agzalary toba gapysyny ýapan ýalylar. Özlerini Alla Tagalla ybadat etmäge çagyrýan musulman doganlaryna beren jogaplary, her gezeginde "Sen meniň ýüregime seret" boldy. Men seniň ýüregine nähili seredeýin?